Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, şeýle hem ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Bruneý-Darussalam Döwleti we Türkmenistan köp wagtdan bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler hem-de men bu gatnaşyklaryň geljekde-de pugtalandyrylmagyny goldaýaryn.
Goý, Beýik Allatagala Siziň Alyhezretiňize we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk eçilsin!
Haji Hassanal BOLKIAH,
Bruneýiň Soltany.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Şweýsariýanyň Federal geňeşiniň we ýurdumyzyň raýatlarynyň adyndan Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Ýurduňyza we onuň raýatlaryna röwşen geljegi arzuw edýärin.
Halkara hukuga, adam hukuklaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere hormat goýmak biziň tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň üpjün edilmegine ymtylmagymyzda baş ugur görkezijimiz bolmagynda galýar.
Men ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de ony geljekde-de ösdürjekdigimize ynanýaryn. Şeýle hem Şweýsariýanyň Milli güni mynasybetli ýakynda iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Wiola AMERD,
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Bolgariýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, parahatçylyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Bolgariýa Respublikasy üçin Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş bolup durýar we biz Türkmenistan bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýäris. Dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklarymyzy iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn.
Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Rumen RADEW,
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.