Oleg Kononenkonyň raketa-göterijisi iň dowamly Arş syýahatyna taýýarlyk görýär

Kosmiki enjamlaryň uçurylýan merkezi Baýkonurda "Soýuz-2.1a" raketa göterijisinde halkara ekipaž düzümini Arşa ugratmak boýunça taýýarlyk işleri tamamlandy. Ekipaž düzümi "Soýuz MS-24" Arş gämisinde ertir - 15-nji sentýabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 20:44-de uçurylar.

Arş gämisi 4 ekipaž agzasyny uzak möhletleýin Halkara kosmos stansiýasyna elter. Ekipaž düzümine asly türkmenistanly Oleg Kononenko serkerdelik edýär. Ekipažyň düzüminde "Roskosmosyň" kosmonawty Nikola Çub, "NASA-nyň" kosmonawty Larel O'Hara hem bar.

Oleg Kononenko we Nikolaý Çub Halkara kosmos stansiýasynda 1 ýyl bolup, Ýere geljek ýylyň sentýabrynda dolanyp gelerler. Ildeşimiz Oleg Kononenko üçin bu 5-nji, Nikolaý Çuba üçin 1-nji Arş syýahatydyr. Lorel O'Hara Halkara kosmos stansiýasynda ýarym ýyl bolup, geljek ýylyň martynda Ýere dolanyp geler.

Şu gezekki syýahat üstünlikli tamamlansa, ildeşimiz Oleg Kononenko rus kosmonawtlarynyň içinde kosmosda iň uzak wagtlap bolan adam hökmünde taryha girer. Onuň bu syýahaty 375 gün dowam edip, ähli syýahatlaryny hasaba alsaň, onuň Arşda bolan günleri 1 müň günden hem geçer.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doguldy. Soňlugy bilen şol şäheriň aeoroportynyň awiatehniki bazasynda işledi. Türkmenistanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin oňa "Türkmenistanyň Gahrymany" ady berlip, "Altyn Aý" medaly, "Prezidentiň ýyldyzy" ordeni bilen sylaglandy.