Hazar deňzi instituty hem-de Halkara umman instituty Ähtnama gol çekdiler
Aşgabatda Hazar deňzi instituty bilen Halkara umman institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekmek dabarasy “Arçabil” myhmanhanasynda, şu günler paýtagtymyzda geçýän hem-de sebitiň ähli bäş ýurdunyň wekillerini bir ýere jemlän “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatynyň çäklerinde geçdi.
Ähtnama Türkmenistanyň Hazar deňzi institunynyň ýolbaşçysy Myrat Atajanow hem-de Halkara umman institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassallo gol çekdiler.
Resminama Hazarda deňiz ylymlary babatda özara hyzmatdaşlygy, deňiz bilen baglanyşykly dürli ulgamlarda işleýän türkmen hünärmenleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny gö öňünde tutýar.
Türkmenistan eýýäm 9-njy gezek “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyny kabul edýär we şol döwürde ähli Hazarýaka döwletlerinden 130-dan gowrak adam okadyldy. Häzirki günde bu adamlar Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň mehanizminiň çäklerindäki dürli gepleşik meýdançalarynda duşuşýarlar we şeýle okuw maslahatlarynda alýan tejribeleri olara diňe bir öz hünär ugurlary boýunça däl-de, eýsem, beýleki pudaklar babatda hem bilim almaga we meselelere hem-de wezipelere toplumlaýyn düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu maslahatlar olara geljekde birek-birek bilen gatnaşyk saklamak üçin esas bolýar.
Ýöne esasy zat bu okuw maslahatlary olara diňe bir ýönekeý bilim bermän, eýsem, iş başarnyklaryny kämilleşdirmäge, şol sanda köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmekde tejribe almaga, şeýle hem öňde durýan meselelere has çuňňur düşünmäge ýardam berýär.
Şoňa görä-de, bu okuw maslahatlary sebit tejribesinde şeýle häsiýetli ýeke-täk çäre bolup, Hazar deňzinde adam kuwwatynyň we durnukly ösüşiň ösdürilmegine, isledik deňiz meseleleri hem-de ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak boýunça meşgullanýan ähli hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna Türkmenistanyň goşýan möhüm goşandy bolup durýar.