“Balkan” gämigurluşyk zawody koreý hünärmenleri bilen 2 sany gury ýük gämisini gurar
“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody we Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding” (KSIT) kompaniýasy ýük göterijiligi 6100 tonna bolan 2 sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak hakynda şertnama baglaşdylar.
Degişli resminama Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjam üpjünçiligi assosiasiýasynyň (KOMEA) we KSIT kompaniýasynyň wekilleriniň geçiren gepleşikleriniň netijesinde ylalaşyldy. KSIT kompaniýasy bu assosiasiýanyň hem agzasydyr. Iki sany gury ýük gämisi Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň milli söwda flotyny ösdürmek boýunça gol çeken Karary esasynda gurlar.
Şertnamanyň çäklerinde ýokary derejli koreý inženerleri “Balkan” zawodynyň hünärmenlerini gämi gurmak tehnologiýalaryny öwrederler. Şeýle hem zawodda dolandyryşyň ýokary hil derjesi üpjün edilip, alnyp baryljak ähli işler ýokary howpsuzlyk we daşky gurşaw talaplaryna laýyk getiriler. Koreýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň deňiz infrastrukturasyny kämilleşdirmäge we deňiz gatnawlaryny artdyrmaga ýardam eder.
Dürli görnüşli we ölçegli gämileri taslamak, gurmak we abatlamak boýunça ýöriteleşen “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň Koreýa Respublikasynyň iki port şäherlerinde – Pusanda we Çangwonda zawodlary bar. Kärhana gämi gurmakda we abatlamakda iň döwrebap tehnologiýalary ulanýar.