3 aýlyk uçarbeletlik okuwlara resminamalar kabul edilýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý bolan uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

Okuwa kabul edilmek üçin ýaşy 27-den geçmedik gyzlaryň we ýigitleriň ýokary bilim baradaky resminamasynyň, suwda ýüzmek ukybynyň bolmagy, türkmen we rus dillerini erkin bilmegi hem-de beýleki talaplara laýyk gelmegi zerurdyr. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resminamalar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabra çenli “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde kabul edilýär. Gerekli reminamalaryň sanawyny şu salgy boýunça giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41.