Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi
Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.
Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasynynyň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi diýlip, Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň çykyşynda bellenýär.
Bellenişi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady.