Astrahan portunda Türkmenistanyň logistika merkezini ösdürmek meselesine garaldy

Ýurduň ulag toplumyna wekilçilik edýän türkmen delegasiýasy Astrahan sebitine iş saparynyň çäginde Limanskiý etrabynyň Olýa obasynda döredilýän portuň ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm nokatlarynyň biri bolar we şu ýerde Türkmenistanyň logistika merkezi döredilip, ol Olýa-Türkmenbaşy aralygynda yzygiderli awtoulag parom aragatnaşygynyň esasyny düzer.

2023-nji ýyla çenli hasaplanan PAYZ taslamasynyň başlangyç tapgyrynda Olýa deňiz portunyň bar bolan gämi duralgalaryny enjamlaşdyrmak we umumy kuwwaty üç million tonnadan gowrak bolan dört sany terminaly işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde harytlary ýüklemek we düşürmek, awtoulag we demirýol barlag-gözegçilik nokatlary gurlar. Soňra gazuw işleri geçiriler we port toplumyny giňeltmek işleri başlanar.

Port doly ulanylmaga berlenden soň (çen bilen 2031-nji ýyla çenli), onuň dolanyşygy ýylda sekiz million tonna ýük bolar, häzirki wagtda sebitdäki ähli portlaryň kabul edýän ýüki üç million tonna deňdir. Täze port meýdançasy Astrahan sebitiniň Narimanow etrabynda eýýäm bar bolan "Lotos" senagat-önümçilik görnüşli AYZ bilen birleşdiriler. Netijede, sebitde Hazar klasteri dörediler.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Olýa portunyň administrasiýasy bilen gepleşikler geçirip, Olýa-Türkmenbaşy parom liniýasyna ýük akymlaryny çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. PAYZ-ny döretmegiň gidişi bilen tanyşandan soň, türkmen delegasiýasy Astrahan "Flotproekt" konstruktor býurosyna baryp gördi, ol ýerde türkmen deňiz floty üçin ýersorujy tehnika bilen enjamlaşdyrylan ýörite gämileriň gurluşyk-taslama işlerine garaldy.

Tanyşlyk ekskursiýasynyň ýene bir nokady Astrahan sebitinde ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýän "VTS-port" iri logistik kompaniýasy boldy.