Hazar media forumynda Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar

18-19-njy sentýbarda Russiýanyň Astrahan şäherinde Hazar mediaforumy geçiriler. Onuň çäklerinde “Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi. Täze durmuş – täze mümkinçilikler” atly ara alyp maslahatlaşmalar guralar.

Gatnaşyjylar halkara ulag geçelgesiniň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini, şeýle hem Hazar sebitinde aýratyn ykdysady zolaklary döretmegiň we ösdürmegiň mümkinçiliklerine syn bererler. Onda “Türkmenistanyň Ulag-logistka merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Russiýadaky şahamçasynyň direktory Merdan Meretgylyjow çykyş eder.

Hazar mediaforumy Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan, şeýle hem Belarusdan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan wekilleri kabul eder. Onuň esasy temasy “Jemgyýetçilik diplomatiýasy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri halklary ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde” diýlip atlandyrylýar.