“Maersk” Merkezi Aziýanyň bazarlaryna ünsi çekýär
Dünýä söwdasynyň barometri diýlip atlandyrylýan “Maersk” kompaniýasy Merkezi Aziýanyň bazarlarynyň ählumumy ýük daşamalaryndaky barha artýan ähmiýetini tassyklady. Tutuş dünýäde gämi bilen ýük daşaýan bu kompaniýa Gruziýadaky Poti portuny Ortaky geçelgäni ulanmak arkaly Gazagystan hem-de Özbegistan bilen birleşdirýän täze intermodal hyzmatyny işe girizdi. Bu hyzmat her hepde işlär we sebitiň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem hereket edip biler.
Kompaniýada belleýişleri ýaly, “Ortaky geçelge” diňe bir Hytaý – Ýewropa ugry boýunça ýük daşamalara hyzmat etmek üçin niýetlenmän, eýsem, degişli logistika çözgütleri arkaly Merkezi Aziýanyň bazarlaryna çykmaga hem gönükdirilendir.
“Maersk” 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri Hytaý bilen gatnawlardaky geçelgede işjeň iş alyp barýar. Bu hyzmat Potiniň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasyndaky täze intermodal gatnawa garamazdan, işini dowam eder.
“Maersk-iň” täze hyzmatyny amala aşyrmak barada aýdylanda bolsa Gruziýanyň Poti porty ABŞ, Ýewropa, Ortaýer deňzi we Uzak Gündogar ýurtlary ýaly bazarlardan gelip gowuşýan ýükleri bir ýere jemlemegiň merkezi bolup hyzmat eder.
Potiden ýükler demir ýol ulagy arkaly Azerbaýjanyň Baku portuna getiriler, ol ýerden bolsa Hazar deňziniň üsti bilen Gazagystanyň Aktau portuna iberiler.
Gazagystandan bolsa ýükler demir ýol bilen Almaty, Astana we Daşkent şäherlerine iberiler. Şunda Täjigistan, Gyrgyzystan we Türkmenistan ýaly goňşy ýurtlaryň hem birikmek mümkinçiligi bar.
Mundan başga-da, “Maersk” demir ýol ulaglarynyň mümkinçilikleri ýetmezçilik eden ýa-da bökdençlik çykan halatynda, ýükleriň hereketiniň dowam etmegi üçin bu ugra gatnaşýan ähli ýurtlarda ýük awtoulaglaryny ätiýaçlyk saklaýandygyny belledi.
13-nji sentýabrda “Maersk” kompaniýasy özüniň bioýangyçda işleýän ilkinji gämisini tanyşdyrdy. Bu gämi suwuk ýangyç bilen bir hatarda, metanol ýangyjyny hem ulanyp bilýär. “Maersk” gäminiň metanol ýangyjy bilen işlände bir günüň dowamyda adaty dizel ýangyjyny ulanandakysyndan 100 tonna kömürturşy gazyny az çykarýandygyny belleýär. 14-nji sentýabrda Kopengageniň töwereginde gämi ilkinji gezek deňze çykaryldy.