Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda demir ýol arkaly ýük dolanyşygy 57 göterim artdy

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ýük dolanyşygy şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda 57 göterim artdy. Bu barada “RŽD logistika” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Dmitriý Muraýew Wladiwostok şäherinde geçirilen Gündogar ykdysady forumynda mälim etdi. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran bilen demir ýol arkaly ýük gatnawy yzygiderli artýar. “Degişli halkara ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanjakdygyny we demir ýol arkaly ýük dolanyşygynyň möçberini artjakdygyny ynam bilen aýdyp bolar” diýip, Dmitriý Muraýew belledi. 

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “RŽD logistika” paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Moskwa oblastyndan Eýranyň Bender-Abbas deňiz portuna konteýner ýük gatnawyny ýola goýdy.