Türkmenistan we Özbegistan demir ýollar arkaly ýük daşamagy artdyrar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary geňeşiniň 81-nji mejlisiniň çäginde «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýolbaşçysy A.Atamyradow bilen «Özbegistandemirýollary» geňeşiniň başlygy Z.Narzullaýewiň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen geçirilip, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Özbegistanyň demir ýol edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ýük daşamagy artdyrmak, demir ýol gatnawynyň nyrhlaryny kadalaşdyrmak, ýük we ýolagçy wagonlarynyň parkyny döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, üstaşyr gatnawlary ýokarlandyrmak üçin bäsdeşlik nyrhlaryny we wagonlardan netijeli peýdalanmak üçin hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Bu meseleler sebitde söwda we ulag baglanyşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär diýlip, habarda bellenilýär.