Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 30 göterime golaý artdyrdy

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýanwar - awgust aýlarynda ýük daşalyşyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28,6 göterim artdyrdy.

Geçen 8 aýda dürli görnüşli ýükleriň 1 million 509 müň tonnasy daşaldy. Daşalan konteýner ýükleriň möçberi 2,6 esse ýokarlanyp, jemi 2 773 konteýner birligine barabar boldy.

Ýük dolanyşygy geçen ýylyň 8 aýyndakydan 25,4 göterim ýokarlanyp, jemi 626, 355 million tonna-kilometre deň boldy.

Ýolagçy gatnatmagyň görkezijisi hem 65,5 göterim artyp, 6,194 million ýolagçy-kilometre deň boldy.

Görkezijileriň artmagy ilkinji nobatda çig nebitiň we nebit önümleriniň eksport möçberiniň artmagy we önüm iberijileriň milli flot arkaly ýük ibermäge bolan gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.