Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralary bilelikdäki ylalaşyklaryň taslamalaryny maslahatlaşýarlar

18-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Aşgabada iki günlük iş sapar bilen geldi.

Russiýanyň gümrükçileriniň iş sapary 2022-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparynyň duşuşyklaryny geçirmek maksady bilen guraldy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda wekiliýetleriň agzalarynyň iş duşuşuyklary geçirildi. Onda bilelikdäki meýilnamada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi, geljeki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durlup geçildi.

Hususan-da, ygtyýarly ykdysady operatoryň degişli edaralaryny özara ykrar etmek baradaky ylalaşygyň taslamasy, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda harytlar we ulag serişdeleri geçirilende ýönekeý gümrük geçelgesi amalyny ulanmak barada taslama, Russiýanyň gümrük akademiýasynda işgärleri taýýarlamak meselesi, özara maglumat alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün - 19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Halkara gümrük terminalyna baryp görerler we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri dowam etdirerler.