Russiýa Owganystanyň Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesine goşulmak meselesine seretmäge taýýar

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Belarusy, Russiýany, Gazagystany, Özbegistany, Owganystany we Pakistany özara baglanyşdyrýan Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmäge gatnaşmaga öz ýurdunyň taýýardygyny Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen Moskwada geçirilen duşuşykda mälim etdi.

Owganystanyň bu halkara ulag geçelgesine goşulmak baradaky başlangyjy KazanForum 2023-iň” barşynda ýurduň söwda we senagat ministri tarapyndan öňe sürüldi. Onuň sözlerine görä, Owganystan Ýewraziýanyň ulag düzüminde möhüm merkez bolup, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edip biler.

Owgan tarapy Pakistandan Türkmenistanyň we Eýranyň Hazar deňzindäki portlaryna daşamak üçin öz çäklerini ulanmagy teklip edýär.

Kabul şäherindäki Russiýanyň işewürlik merkeziniň ýolbaşçysy Rustam Habibullin Russiýanyň Owganystanyň bu taslama goşulmagyna gyzyklanma bildirendigini mälim etdi.