TDHÇMB-da söwdalaşyklar: gurluşyk materiallary, nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyn alyndy
14-nji noýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda gurluşyk materiallary, nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyn alyndy.
Owganystanyň, Özbegistanyň, BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden agardylmadyk matany satyn aldylar.
Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” markaly ýol bitumy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Şeýle-de olar Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden float aýnasyny we türkmen halylaryny satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 28 130 916,42 manada we 1 762 667,20 amerikan dollara barabar bolan 33 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu
salgyda tanyşyp bilersiňiz.