Duşenbe şäherinde Hytaýy Türkiýe bilen birleşdirýän täze ulag geçelgesi boýunça ýokary derejeli maslahat geçiriler

21-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi boýunça Iş toparynyň birinji mejisi geçiriler. Bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitiniň üsti bilen Hytaýy Türkiýe bile baglanyşdyrar.

Duşuşygyň barşynda bu halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek, onuň üsti bilen ýük daşalyşyny artdyrmak we söwda düzgünlerini ýeňilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Oňa türkmen tarapyndan “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Begli Söýünow şeýle hem, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Aýmyrat Şiriýew gatnaşar.

Täze ulag geçelgesi ýük dolanyşykda dürli ulag serişdelelerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglaryny ulanmagy göz öňünde tutýar. Ýük daşalyşyny çaltlandyrmak üçin ýurtlaryň ulag-logistika düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we gümrük işinde sanly ulagmyň ornaşdyrylmagy möhümdir.