Türkmen mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara gatnaşýar

2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda ýurduň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistandaky okuw edaralarynyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary geçirilýär.

Okuwlar Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň tejribeli hünärmenleri we kafedralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan geçirilýär.

Okuwlar 2024-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda "Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara ylmy maslahatyň çäginde gol çekilen, Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurnalýar.

Hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça kurslaryň dowamynda gatnaşyjylar häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny, olary Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň şertlerine laýyklaşdyrmaklygyň usullaryny öwrenýärler.

Maksatnama teoriýa we praktika böleklerini öz içine alýar. Leksiýalarda Russiýa Federasiýasynyň hünärmenleri pedagogika pudagynda täze ylmy gazanmalary paýlaşýarlar, okuw işini guramakda we sanly tehnologiýalary ulanmakda häzirki zaman düşünjeleri barada maglumat berýärler. Kursyň praktiki bölegi okuw ýagdaýlaryny modelirlemek we işde innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça maslahatlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň Milli bilim instituty ýurduň esasy bilim meýdançasydyr we halkara tejribäni okuw prosessine ornaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň hünärmenleriniň maksatnama gatnaşmagy, iki ýurduň bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde özara gyzyklanmasyny görkezýär.

Kurslara gatnaşyjy mugallymlar görkezilen materialyň ýokary tejribelik ähmiýetini belläp geçýärler. "Bu kurslar, bize häzirki zaman pedagogikanyň usullaryny öwrenmek üçin we okuwçylarymyzy döwriň talaplaryna laýyk gelýän derejede taýýarlamakda uly mümkinçilik berýär" diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy Gulbahar Asadullayeva belledi.

Russiýa Federasiýasyndan gelen hünärmenler hem öz gezeginde türkmen mugallymlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini belläp, hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine umyt bildirdiler.