Çarşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri uly islege eýe boldy
20-nji noýabrda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.
Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “KO-20” markaly ýagtylandyryjy nebiti satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplükleri we galyndylary satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 4 782 000 manada we 333 450 amerikan dollara barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.