Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan we Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ugurdaş kanunçylygy esasynda döwrebap halkara görkezijilere laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ony giňden peýdalanmaga, olary taýýarlaýjylar üçin degişli şertleriň döredilmegine, bu ugurda utgaşykly işiň ýola goýulmagyna gönükdirilen degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Milli elektron kommunikasiýa ulgamynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijeleri barada hasabat berdi.
Forumyň dowamynda pandemiýadan soňky döwürde ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de forumyň çäklerinde halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. Multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik düzümi ösdürmek, maýa goýum serişdelerini çekmek, ýük gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmak, degişli resmileşdiriş çärelerini ýönekeýleşdirmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, sanly düzümleýin hyzmatlary ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, portuň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljekki meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Ýaşyl” portlar düzümine goşulmagy üçin “EcoPort” güwänamasyny almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, halkara üstaşyr ulag geçelgesini döretmek, Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Aşgabat ylalaşygyny amala aşyrmagyň wajyp ugurlaryna garaldy.
Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy we degişli resminamalara gol çekildi. Olary durmuşa geçirmek maksady bilen, teklipleriň 6-sy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatyň we onuň çäklerinde häzirki zamanyň ýagdaýlaryny hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ulag-logistika ulgamyndaky sebitleýin, ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekdi.
Yklymüsti ugurlaryň möhüm çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we olary ählumumy abadançylygyň bähbidine doly durmuşa geçirmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasyny ilerletmek, onuň degişli gurallaryny giňden peýdalanmak, ýurdumyzda kabul edilen ugurdaş maksatnamany durmuşa geçirmek aýratyn ähmiýetli hasaplanýar. Bu bolsa ulag ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag gatnawlarynyň yzygiderliligini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, köpşahaly ugurdaş düzümi döretmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde işjeň we oňyn orun eýeleýändigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.