“Türkmendeňizderýaýollarynda” Yslam Ösüş Bankynyň we Singapur portunyň wekilleri bilen duşuşyk boldy

 

2023-ji ýylyň 18-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň we Singapur portunyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglşylan ylalaşyga laýyklykda, bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Bu taslamanyň çäklerinde Yslam Ösüş banky bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny kämilleşdirmek we ösdürmek üçin grant bermek barada Ylalaşyga gol çekildi.     

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň deňiz ulagyny ösdürmek boýunça YÖB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň ösdürilmeginiň, milli söwda flotynyň kämilleşdirilmegiiň, bu ulgamda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maliýeleşdirmegiň esasy maksatlarydygy aýratyn bellenildi.      

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Singapur portunyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmäge bagyşlanan tanyşdyrylyş çäresini guradylar.

 

Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda hyzmatdaşlyga 2022-nji ýylda badalga berlendigini we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda marketingi ösdürmegiň bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Bu ugurda netijeli iş alyp barmak üçin Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekillerinden ybarat iş topary döredildi. Şeýle usul Singapuryň portunda hem ulanyldy. Taslamanyň çäklerinde toparyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek, şol sanda wekilleri Türkmenistana çagyrmak, şeýle hem sanly ulgam arkaly okatmak we toparyň agzalarynyň Singapura saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Bu işler tejribe alyşmaga we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam berýär hem-de öz gezeginde taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin kesgitleýji şert bolup durýar.