Aşgabatda Hytaýyň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili kabul edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 21-nji noýabrda bolan duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Owganystandaky durnuklylygy saklamak boýunça köptaraplaýyn halkara meýdançalara goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň durnukly dikeldilmegini we ösmegini höweslendirmegiň möhüm faktory hökmünde garaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanda geçiriljek Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna taýýarlygyň barşy barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaýyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldawy bermegi dowam etdirjekdiklerini tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.