Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi
Şu gün, 25-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Olimpiada Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşýar.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, P.Lumumba adyndaky Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Ural döwlet ykdysady uniwersitetinden, Nowosibirsk döwlet milli gözleg uniwersitetinden, Kazan (Wolga) federal uniwersitetinden, D.I.Mendeleýew adyndaky Russiýanyň himiko-tehnologiki uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetinden, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baky inženerçilik institutyndan, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Karşi döwlet uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden, Eýran Yslam Respublikasynyň Bojnordaky Kosar uniwersitetinden, Azad Yslam uniwersitetinden, Maşatdaky Ferdöwsi adyndaky uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetinden, Pekiniň himiki tehnologiýalar uniwersitetinden, Hytaýyň nebit uniwersitetinden, Ýaponiýanyň Saitama uniwersitetinden, Okion oba hojalyk we tehnologiýalar uniwersitetinden, Türkiýe Respublikasynyň Atatürk uniwersitetinden talyplar, magistrantlar, olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar we wekiller gatnaşýarlar.
Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna we onuň çäginde geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda bilim-ylym ulgamynda, şeýle hem himiki tehnologiýalaryň ösüşiniň üstünliklerine bagyşlanan, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine aýlanyp gördüler.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Ural döwlet ykdysady uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler.
Olimpiada halkara ülňülerine laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurduň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymary, alymlary eminlik edip, Ýaponiýanyň alymlary synçy hökmünde gatnaşýarlar.