ABŞ-nyň ilçisi Balkan welaýatyna sapar amala aşyrdy

ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Balkan welaýatyna sapar amala aşyrdy. Ol saparynyň dowamynda Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň we Balkan welaýatynyň häkimleri bilen duşuşdy. Ilçi Rud şeýle hem ýerli telekeçiler we sebitde işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Mundan başga-da, ilçi "Mert" alpinistler kluby we Maýyplygygy bolan adamlaryň merkezi bedenterbiýe-sport kluby ýaly birnäçe jemgyýetçilik guramalaryna baryp gördi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň deňiz ulgamy bilen baglanyşykly dürli desgalary gördi.

Ilçi Rudyň sapary ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we täjirçilik başlangyçlaryny goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.