Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär

20-21-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.

Oňa «Türkmenawtoulaglary» agenliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilýeti we Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň ulag komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky gazak wekiliýeti gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň we desgalarynyň häzirki ýagdaýlary we geljekde ýük gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.