«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň diwarlygy ITTC-2024 halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulgarlary» agentligi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşýar – diýip, «Türkmenportalyň» žurnalisti habar berýär. Çäre ulag pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini halkara logistika ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.

Sergide «Türkmenawtoulgarlary» agentligi forumyň gatnaşyjylaryny innowasion logistika çözgütlerini we ulag hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça geljekki taslamalaryň maglumatlary bilen tanyşdyrdy. Agentligiň diwarlygy halkara maslahatyň gatnaşyjylarynyň ünsüni çekdi.

Agentligiň halkara foruma gatnaşmagynyň maksady Türkmenistanyň ulag pudagynyň üstünliklerini görkezmek, işewürlik aragatnaşyklaryny gurmak we halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri gözlemekden ybaratdyr. Çäre ulag geçelgeleriniň strategiki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.