Türkmen wekiliýeti Barselona deňiz portunyň işi bilden tanyşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselona şäherinde geçen deňiz portlarynyň edara ediş işi ulgamyndaky üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdy.  Maslahata gatnaşyjylar Ortaýer deňzinde iň uly Barselona portunyň innowasion işi bilen tanyşdylar.

Wekiliýetiň agzalary portuň çäklerinde gezelenç etdiler, gämileriň ýüklenýän hem-de port polisiýasynyň bölümlerine baryp gördüler hem-de ýük we ýolagçy ýüklenende ýerine ýetirilýän howpsuzlyk amallary bilen tanyşdylar.  

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylara Port Community System awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Bu ulgam portdaky ähli düzümleriň arasynda merkezleşdirilen arabaglanyşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär we şonuň netijesinde portda howpsuzlyk we netijeli iş üpjün edilýär.

Şeýle hem maldarçylyk we ösümlik önümlerini barlamaka babatda portuň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berildi.

Okuw maslahaty USAID PSA (Azerbaýjan) USAID-iň Merkezi Aziýada  söwda boýunça maksatnamasynyň hem-de USAID-iň Gruziýada ykdysady dolandyryş boýunça maksatnamasynyň goldaw bermeginde PS MPK TRASEKA tarapyndan guraldy.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýetinden başga-da, Azerbaýjanyň, Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň we Rumyniýanyň wekilleri gatnaşdylar. Okuwyň jemleri boýunça gatnaşyjylara Escola Europea Intermodal Transport okuw merkeziniň degişli güwänamasy berildi.