Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görülýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny, gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Köçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere paýtagt şäheriň ähli künjeklerinde abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli senenamanyň şanly senesi — ýurtda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.