"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti

 

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.

Paýdarlar jemgyýeti ekspeditorçylyk hyzmatlaryna töleg almazdan, ýurdumyzyň awiakompaniýasy arkaly ýükleriň daşalyşynda amatly tarifleri hödürleýär. Şunda müşderiniň akylly-başly logistika bolan talaplary doly üpjün edilýär.

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" her bir müşderä aýrtynlykda çemeleşip, ýükleriň howpsuz we ygtybarly gowşurylmagyna kepil geçýär. Kompaniýa müşderi üçin islendik wagtda, dünýäniň islendik künjegine ýük howa gatnawyny guramaga ýardam edýär. Müşderi özi üçin zerur bolan howa gämisini saýlandan soň, kompaniýanyň hünärmenleri ýüküň çalt zaýalanýandygyna (munuň üçin hem ýörite ammarlar bar) ýa-da iri göwrümlidigine seredip, ýüki eltmek boýunça resminamalary doldurýarlar.

Uly möçberli we gyssagly ýük ibermeler, şol sanda barmasy kyn bolan ýerler üçin ýörite howa gatnawlary guralýar.

Kompaniýa şeýle hem islendik görnüşli howa gämileriniň Türkmenistanyň çäklerindäki halkara ähli howa menzillerinde tehniki gonuşy amala aşyrmagy üçin hem işleri alyp barýar. Şunda uçara tehniki hyzmat etmek, arassalamak, ýükleri düşürmek we ýüklemek, ekipaž we ýolagçy düzümi gatnatmak, keýtering, elektrik we içimlik suw üpjünçiligi we başga-da köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+99312 28 69 76

+99365 60 25 66

+99361 15 12 56

 

Elektron poçta:

sh.charyyeva@tulm.tm

r.hanayev@tulm.tm

airdepartment@tulm.tm