Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy
Türkmenistanyň Tährandaky täze bellenilen ilçisi Ylýas Gaýypow Eýranyň daşary işler ministri Abbas Araghä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Ylýas Gaýypow 2024-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.