Türkmenistan energetika we ulag arabaglaşygyndaky ähmiýetli ornuny artdyrýar
Bitarap Türkmenistn möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar.
Köpugurly hem-de görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar.
Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik, Halkara energetika agentligi we Halkara energetika hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär diýip, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk masahatynda nygtady.
Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.