Türkmen wekiliýetiniň Astrahana eden sapary netijesinde täze maýa goýum taslamalaryna garaşylýar

Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna iş saparyny tamamlady, ozal Aşgabatda sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen bolan duşuşygyň dowamynda bu babatda ylalaşyk gazanylypdy.

Oblastda üç günläp dowam eden saparyň çäklerinde “Türkmen deňiz we derýa ýollary” agentliginiň wekilleri “Flotproekt” konstruktorlyk býurosyna, Hazar deňiz we derýa ulaglary institutyna, portlara, gurluşygy dowam edýän “Lotos” aýratyn ykdysady zolaga we adybir gämigurluşyk zawodyna baryp gördüler.

– Kärhananyň tehniki we işgär mümkinçilikleri barada gürrüň berdik we görkezdik. Gurluşykda-da, hünärmenleri, inženerleri we işçileri taýýarlamakda-da, umuman, islendik meselede kömek bermäge taýýardyrys. Hyzmatdaşlyk ederis – diýip, “Lotos” gämigurluşyk zawodynyň baş direktory Dmitriý Stepanow žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde belledi.

Bu ýerde Türkmenistanyň “Balkan” zawodyndaky kärdeşlerimiz bilen inženerleri taýýarlamak boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýlar. Umuman, saparyň netijesi boýunça eýýäm şu ýyl anyk şertnamalara, maýa goýum taslamalaryna gol çekilmegi we bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi mümkin.

Anna güni türkmen wekiliýeti Astrahan oblastynyň hökümet başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew bilen duşuşdy. Ol logistika, ulag, senagat hyzmatdaşlygy we söwda pudagynda Türkmenistan bilen bar bolan gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Afanasýewiň pikiriçe, bu hyzmatdaşlyk eýýäm öz miwesini berýär, ýöne ondan gowy netijeleri gazanmak üçin taraplaryň mümkinçilikleri has uly.

По итогам визита туркменской делегации в Астрахань ожидаются новые инвестпроекты

– Biziň üçin logistika, ösüp biljek we ösmeli esasy ugurlarymyzyň biridir. Şeýle hem, biz “Demirgazyk-Günorta” geçelgesini bilelikde özleşdirmek barada gürleşdik. Elbetde, gämigurluşygy hem biz üçin umumy meseleleriň biri. Bu ugurda biziň tejribämiz köpräk" – diýip, Denis Afanasýew aýtdy.

– Häzirki wagtda Hazar sebiti Ýewraziýanyň iň uly ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm diýip hasap edýäris. Şol bir wagtyň özünde, gatnaşyklarymyzyň entek durmuşa geçirilmedik ägirt uly mümkinçilikleri bar – diýip, wekiliýetiň baştutany, “Türkmen deňiz we derýa ýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow aýtdy.

Astrahan oblastynyň Senagat we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Mihail Kabakow ulag infrastruktura desgalaryna, gämigurluşyk we taslama edaralaryna baryp görenlerinde, türkmen kärdeşlerine kabul edýän tarapdan birnäçe teklipleriň edilendigini belläp geçdi.

Hususan-da, PAYZ-nyň önümçilik kuwwatyny bilelikde ösdürmek usulyna garamak teklip edildi. Astrahan Olýa porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli awtoulag parom aragatnaşygyny guramak üçin häzirki wagtda Gazagystanyň üsti bilen ýük awtoulaglary arkaly haryt daşaýan ýükgatnadyjylary çekmek meselesini çözmeli. Mundan başga-da, sebit maslahat beriş kömegine we ýerli ÝOM-nde ulag pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ýardam bermäge taýýardyr.

Geçen ýyl Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 200 million dollardan gowrak boldy. Logistika merkeziniň açylmagy ony artdyrmaga kömek eder.

– Port ykdysady zolagynda logistika merkezini döretmekde uly geljegi görýäris we bu meseläni ulag kompaniýalarymyz bilen hökman ara alyp maslahatlaşarys. Biziň üçin bu “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde goşmaça ýük gatnawynyň döremegine goşant goşýan gyzykly taslama, resmi taýdan yglan edilişi ýaly, Türkmenistan hem muňa goşulmak isleýär – diýip, Seýitguly Baýseýidow aýtdy.