Ýoly däl-de, asmany ulanyň - Parižde “uçýan taksi” peýda bolar
Pariž 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary üçin şäher howa ulaglaryny satyn alar. Oýunlaryň dowamynda Fransiýanyň paýtagtynda howa taksi hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär - futuristik enjam Parižlilere we şäheriň myhmanlaryna hyzmat eder.
Taslamany gurnaýjylar, elektrik howa taksileriniň hereket pudagyny özgertjekdigine ynanýarlar. Ulaga garaşmak, hasaba alnandan soň kiçi zalda birnäçe minut dowam eder. Soňra biometrik portaldan geçensoň, ýolagçy “uçýan” taksä müner.
Uçuşlar Parižiň töweregindäki bäş dikligiň birine amala aşyrylar. Meýdançalaryň biri Sýeniň ýüzýän baržasynda ýerleşýär. Howa taksisi, şäherde bu görnüşli ulag bilen syýahat etmäge mümkinçilik berýän, diametri 15 m bolan giňişlige gonup biler. Enjam zarýad berilýän batareýalarda işleýär we sagatda 110 km tizlige ýetip, uçuş aralygy 35 km.
Geljekdäki ulag, “uçýan” taksiniň üpjünçisi boljak nemes kompaniýasy “Volocopter” tarapyndan Le Bouržedäki Pariž howa sergisinde hödürlendi. Taslama işjeň gatnaşýan “Aéroport de Pariž” topary täze önümleriň dikuçarlardan 4 esse rahatdygyny öňe sürdi. Şeýle-de bolsa, soňky söz fransuz paýtagtynyň ýaşaýjylary bilen galýar, olar asmanda elektrik howa desgalarynyň peýda bolmagyna ýaşyl yşyk bermeli.