Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýoly işe girizdi
Hytaýda özboluşly demir ýoluny açdylar. Ol ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç iri şäheri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu demir ýoly boýunça otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 277 kilometr aralygy bir sagatdan hem az wagtda geçip bilýärler.
Bu ugur boýunça ilkinji otly Fuçžou şäherinden 28-nji sentýabrda ýerli wagt boýunça ir bilen 9.15-de ugrady. Ahyrky nokada ýetmezden ozal otly Putýan, Sýuançžou, Sýamen we Çžançžou şäherlerinde saklandy. Munuň özi Fuçžou bilen Sýamen şäherleriniň arasynda ozal 1 sagat 20 minutda geçilýän ýoly 50 minutda geçmäge mümkinçilik berdi.
Bu demir ýolunyň 19,9 kilometri deňziň üstünden geçýär. Ol köprüleriň üsti bilen Sýuançžouwan, Meýçžouwan hem-de Anhaýwan aýlaglary kesip geçýär. Bu köprüler güýçli şemallar, beýik tolkunlar, deňziň çuňlugy, metally korroziýasy hem-de seýsmiki işjeňlik nazara alnyp guruldy. Demir ýoluň tutuş ugry boýunça 84 köpri we 29 tonnel bar, bu bolsa taslamanyň umumy çylşyrymlylygynyň 85 göterimine deňdir.
Demir ýoluň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýumlaryň umumy mukdary 53 milliard ýuana deň boldy (7,4 mlrd dollar) Ol Hytaýda deňziň üstünden geçirilen ilkinji ýokary tizlikli demir ýoly bolup, ýurduň günortasynda ulag ulgamyny ösdürmek meýilnamasynyň bir düzüm bölegidir.
Hytaý ýokary tizlikli demirýollaryň uzynlygy boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. 2023-nji ýylyň başyna bu görkeziji 42 müň kilometre deň boldy. Şeýle hem Hytaý geljekde ýokary tizlikli demir ýol bilen materik Hytaýy hem-de Taýwany baglanyşdyrmagy meýilleşdirýär.