GFR-iň işwewür toparlary ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler

Merkezi Azýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň hem-de Germaniýanyň ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň  Berlinde geçen duşuşygyndaky çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly taslamalara german kompaniýalarynyň gatnaşmagyny içgin ara alyp maslahatlaşmaga Aşgabadyň taýýardygyny belledi.

Ýene bir möhüm ugur, ol hem ulag we kommunikasiýa ulgamydyr. Biz ençeme ýyllaryň dowamynda german kompaniýalary bilen öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň, hemra ulgamlarynyň hyzmatlaryny giňeltmek deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary üsünlikli amala aşyrdyk. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň kompaniýalaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyrýar diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.