Türkmenbaşy porty "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesiniň täze merkezine öwrülip biler
Türkmenistan "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşulmagy meýilleşdirýär, şeýlelik bilen, HUG Hazar deňzinde Türkmenbaşy portunyň goşulmagy arkaly goşmaça ugur mümkinçiligini alar.
Bu barada geçen hepde Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň dowamynda hem aýdyldy we Türkmenistanyň “Deňiz we derýa ýollary” agentliginiň wekiliýetiniň Astrahan oblastyna we portlaryna baryp görmegi bu sözleri tassyklaýar.
Türkmenistan Russiýa bilen demirýol, awto, howa we deňiz ulaglary ýaly ugurlarda işlemegini dowam etdirer, ýurtlaryň "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesiniň çäginde hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri bar. HUG barada ylalaşyga Russiýa, Eýran we Hindistan tarapyndan 1998-nji ýylda gol çekilip, ol 2000-nji ýylda güýje girdi.
Soňra oňa Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Ermenistan, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Oman, Russiýa, Täjigistan we Türkiýe goşuldy. Taslama doly tamamlanandan soň, “Demirgazyk-Günorta” HUG-niň kuwwaty ýylda 15 million tonna ýük daşamaga mümkinçilik berer, diýlip garaşylýar. Azerbaýjanyň üstünden barýan ugur esasynda Mumbay bilen Moskwanyň arasyndaky tranzitiň wagty iki esse azalar diýlip çak edilýär.
Geçelgä Türkmenbaşy porty goşulsa, Hazaryň üstaşyr mümkinçilikleri artar. HUG-nde Türkmenistanyň orny onuň portunyň gündogara, ýagny Özbegistana we Owganystana barýan ugurlar merkezine öwrülmegindedir. Şeýle hem, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden Hytaý bilen baglanyşygy üpjün etjek ugurlar öwrenildi.
Türkmenbaşy portundan çykýan harytlar demirgazykda Astrahanyň üsti bilen Russiýa bazarlaryna, Azerbaýjanyň Baky portunyň üsti bilen Kawkaza, Türkiýä we Ýewropa Bileleşigine ýa-da Eýranyň Enzeli portunyň üsti bilen Eýranyň bazarlaryna çykyp biler. Pars aýlagyndaky Çabahar portuna baransoň, INSTC demir ýoly bilen Ýakyn Gündogardaky, Gündogar Afrikadaky, Hindistandaky we Günorta Aziýadaky deňiz portlaryna çykyp biler.
Mundan başga-da, Türkmenistan BAE-e täze ugurlary gözleýär. Awazadaky ulag maslahatynda şol sanda Türkmenbaşy porty bilen Dubaý we Abu-Dabi portlarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, rus-türkmen şertnamasyna gol çekildi, Türkmenistan Gruziýa we Moldowa bilen transport aragatnaşygyny gowulandyrmak barada şertnama baglaşdy. Bu şertnamalarda halkara ýol gatnawlaryna gatnaşyjylar üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek, ikitaraplaýyn we üstaşyr awtoulag ýük gatnawlarynyň ösmegine böwet bolýan päsgelçilikleri aýyrmak ýaly meseleler öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Eýranyň günortasyndaky Çabahar we Bender-Abbas ýaly portlaryna girmek meselesine hem garaldy. Bu bolsa Aşgabada halkara suwlara girişi açar.
Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) bellemegine görä, halkara ulag geçelgeleriniň üstünlikli ösmeginde Türkmenistan möhüm rol oýnaýar. "Türkmenistan hökümetiniň goldawy halkara ulag geçelgeleriniň, hususan-da Lapis Lazulitiň üstünlikli ösmegi üçin zerurdyr" – diýip, IRU-nyň habarynda aýdylýar.
“Lapis Lazuli” geçelgesi sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygy we Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, bu başlangyç transport infrastrukturasyny we proseduralaryny (şol sanda awtoulag, demir ýol we deňiz ýollary) kämilleşdirmegi, eksporty artdyrmagy we bu täze ulag geçelgesinden peýdalanýan ýurtlar üçin ykdysady mümkinçilikleri giňeltmegi maksat edinýär.