Gazagystan demir ýollaryny 2 esse uzaldar, geçirijilik kuwwatyny 5 esse artdyrar

"Gazagystanyň demir ýollary" (KTŽ) relsleriň 108 müň tonnasyny, şpallaryň we berkidijileriň 1500 toplumyny satyn alar. Bu enjamlar Gazagystan bilen Hytaýy birikdirýän Moýyntyk - Dostyk ýolunyň ikinji liniýasyny gurmakda peýdalanylar.

Gazagystanda öndürilen bu enjamlaýyn toplumlar olaryň düzülýän ýerine, ondan soň bolsa, gurluşyk ýerine iberiler. Häzirki wagtda jemi uzynlygy 836 kilometr bolan degişli ýoluň 170 kilometrlik bölegi gurulmaga taýýardyr.

Bu ulag geçelgesi Ýewropanyň we Hytaýyň arasynda wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda bu serhet geçelgesi çäklendirilen görnüşde hereket edip, Hytaýdan Merkezi Aziýa ugraýan demir ýol wagonlary Altynköl - Horgos demir ýol serhet geçelgesi boýunça geçirilýär.

Moýynty - Dostyk demir ýol geçelgesini iki şahaly etjek taslamany 2025-nji ýylda tamamlap, ulanmaga bermek göz öňüne tutulýar. Şonda degişli demir ýol şahasynyň ýük geçirijiligi 5 esse ýokarlanar.

Mundan başga-da, "KTŽ" Ýewraziýa Ösüş banky bilen goşmaça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär. Geçen hepdede bu bankyň dolandyryş müdirliginiň başlygy Nikolaý Podguzow Gazagystany Hytaý bilen baglanyşdyrjak başga bir demir ýol şahasynyň gurluşygy barada belläp geçdi. Bu demir ýol şahasy Aýagozadan Bahta çenli uzajak nobatdaky demir ýol şahasy iki ýurdy birikdirýän 3-nji demir ýol geçelgesi bolar. Ýewraziýa Ösüş banky Tehniki hyzmatdaşlyk gaznasynyň grant serişdeleriniň hasabyna taslamanyň tehniki-ykdysady esaslaryny maliýeleşdirmäge taýýar. Gazagystan bu halkara maliýe edarasynyň esasy maýa alyjysy bolup durýar. Has takygy, bank Gazagystandaky 104 sany taslamanyň durmuşa geçiirlmegi üçin 5 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.