“RŽD” maşinistsiz dolandyrylýan otlyny işläp taýýarlaýar
“Russiýa demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri maşinistsiz hereket edýän otlyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Oleg Belozerow mälim edýär.
Maşinistsiz dolandyrylýan otly awtomatlaşdyrmagyň 4-nji derejesi bilen rus platformasynda dörediler. Onda otlynyň wagonlaryny uzak aralykdan dolandyrmak maksat edilýär.
Maşinistsiz otlulary işe girizmek üçin eýýäm Mokwanyň metrosynda LTE maglumatlaryny ibermek synaglary geçirilip başlandy. Bu görnüşli otlular ähli synaglar tamamlanandan soň, howpsuzlyk çäreleri doly üpjün edilenden soň ulanyşa goýberiler.
Mundan ozal, Russiýanyň iri “Sitronics Group” IT kompaniýasynyň ýolbaşçysy Nikolaý Požidaýew geljek ýyldan ýurtda ilkinji sürüjisiz ýolagçy gämileriniň peýda boljakdygyny mälim edipdi.