
Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günleriniň iş tertibi çap edildi
Ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereketi şu tertip boýunça amala aşyrylar: awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär. Şeýle hem paýtagtymyzda taksileriň işi gije-gündiz düzgüninde guralar.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilişi ýaly, awtobus gatnawlary Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde doly derejede üpjün ediler.
Goşmaça awtobuslar Aşgabat — Gökdepe, Aşgabat — Änew we Gökdepe — Arkadag ugurlary boýunça hereket eder.