“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Taşkentde kiberhowpsuzlyk boýunça Halkara maslahatyna gatnaşýar

 

 

Şu gün Taşkentde kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» 1-nji Halkara maslahaty açyldy. Maslahatyň birinji iş gününde oňa 10-larça ýurduň ýokary derejeli ygtyýarly wekilleri, we şol sanda  “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilýeti hem gatnaşdy.

3-4-nji oktýabr aralygynda geçirilen iki günlük maslahat maglumatlaryň kiberhowplardan sebit goraglylygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy, bu ulgamda döwrebap sanly çözgütleri işläp taýýarlamak, tejribe alyşmak hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmek bilen bagly meselelere ünsüni çekdi.

Çärä 24 ýurtdan, şol sanda Omandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan, Ýaponiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan 130 kompaniýa, şeýle hem Elektroaragtanaşyk halkara bileleşigine FIRST, OIC-CERT gurmalaryna wekilçilik edýän 250-den gowrak wekil gatnaşdy.

Döwrebap çözgütler bilen tanyşdyrmak, tejribe alyşmak maksady bilen sebit kiberjemgyýetçiligi üçin ýokary derejeli halkara interaktiw meýdançany döretmek, şeýle hem özara bähbitli esasda täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açmak CSS 2023 maslahatynyň esasy wezipesidir.

Sanly ulgamda kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti: çözgütler, wehimler hem-de, möhüm infrastrukturany we  serişdeleri goramak bilen bagly hyzmatdaşlyk maslahatyň umumy mowzugy boldy. Maslahatda 40-dan gowrak spiker şol sanda “Türkmenaragtanşyk” agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar – çözgütleri kabul edýän ýokary wezipeli işgärler, kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenler hem-de ahyrky ulanyjylar howplaryň depginli ösýän ähliumumy ulgamyny hem-de, sebitiň ýurtlaryna sanlylaşdyrmagyň berýän durmuş-ykdysady artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanmaga kiberhowpsuzlygyň nä derejede ýardam berýändigini öwrenerler.

Forumyň çäklerinde “Türkmenaragtnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň sanly tehnologiýalar ministri Şerzoda Şermatow bilen duşuşygy boldy.

Gepleşikleriň dowamynda kiberhowpsuzlyk, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ulgamlarynda hünärmenleri taýýarlamak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.