Türkmenistan we Özbegistan kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Iň öňdebaryjy tejribeleri we gazanylanlary özleşdirmek bilen Türkmenistan diňe bir taýýar çözgütleri we “nou-haulary” daşyndan getirip ornaşdyrmak bilen çäklenmän, ylmy-tehniki kuwwatyna daýanyp, özbaşdak sanly nusgasyny döretmegi hem ugur edinýär. Bu barada “Türkmenaragatnaşyk” agaentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew Daşkent şäherinde geçirilen “Cyber Security Central Eurasia 2023” atly kiberhowpsuzlyk boýunça birinji halkara maslahatynda eden çykyşynda mälim etdi.

Türkmenistanyň ylmy-tehniki üstünliklerine mysal hökmünde, ol kompýuterleriň, smartfonlaryň, korporatiw serwerleriň we ulgamlaryň goraglylygyny üpjün edýän “AV Milli One” köpugurly antiwirus programmasyny görkezdi. Ol kiberhowpsuzlyk pudagynda enjamlaýyn çözgütleri işlemek bilen meşgullanýan “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we “Tehno Gurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde taýýarlan önümidir.

2019-njy ýylda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Onuň esasy wezipesi ýurdumyzda kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekden, maglumat infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmekden, kiberhüjümleriň öňüni almak üçin işleri guramakdan we olaryň netijelerini dikeltmekden, kiberhowpsuzlyk babatda milli kanunçykyk binýadyny kämilleşdirmek işine gatnaşmakdan hem-de bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Özara tejribeleri alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir diýip, Hudaýgulyýew öz çykyşynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara guramalar we daşary ýurt edaralary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

Munuň şeýledigine Daşkentde geçirilen maslahatyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň we Özbegistanyň “Kiberhowpsuzlyk merkezi” döwlet unitar kärhanasynyň arasynda kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Agentligiň ýobaşçysy şeýle hem, “Cyber Security Central Eurasia 2023” atly kiberhowpsuzlyk boýunça birinji halkara maslahatyna gatnaşyjylary Aşgabatda 9-10-njy noýabrda geçiriljek “Türkmentel-2023” gatnaşmaga we bu ugurda özara pikir alyşmalary dowam etdirmäge çagyrdy.