Türkmenistanyň gämigurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri Astanadaky ulag forumynda üns merkezinde

Ilkinji gämileriň gurluşygyna girişen Balkan” gämigurluşyk zawody Gazagystanyň paýtagty Astanada geçen New Silk Way” VI halkara ulag logistika işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew öz çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan gämigurluşyk taslamalary barada aýratyn durup geçdi.

Ol ilkinji gäminiň bir ýarym ýylyň dowamynda gurlup ulanmaga beriljekdigine we ondan soňra her iki aýdan täze gäminiň işe giriziljekdigini habar berdi. Gämiler Hazar deňziniň häzirki suw derejesini hasaba almak bilen, 6100 tonna ýük göterijilikli taslanyldy.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýalar agentliginiň türkmengämi gurluşykçylarynyň täze gämileriň gurmaga buýurmalary kabul etmäge taýýardyklaryny aýtdy. Teklip foruma gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Deňiz ýoly bilen ýük daşamalar ulgamynda işleýän dürli işewür toparlaryň wekilleri Balkan” gämirgurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar, foruma gatnaşyjylar bolsa Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyna maýa goýmak ulgamyndaky alyp barýan işine ýokary baha berdiler.