Türkmenistan Astanada geçýän “New Silk Way” ulag işewürlik forumynda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 4-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçýän “New Silk Way” VI halkara ulag logistika işewürlik forumyna gatnaşýar.
Maslahata Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ulag we ýük daşamalar ulgamynda işleýän kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenleri gatnaşýarlar. Olar ulag ulgamlaryny utgaşdyrmak, Orta geçelge ugruny ösdürmek, şeýle hem ýük daşmalaryň netijeliligini ýokarlandyrýan täze tehnologiýalar we innowasiýalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Forumyň işi “Täze Ýüpek ýolunda multimodal ýük daşamalaryň ugurlary” atly mejlis bilen başlandy. Mejlisde Gazanystanyň demir ýollarynyň ýolbaşçysy, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, ulag ministrleri, Latwiýanyň, Gruziýanyň wise-ministrleri, “Hytaý demir ýollarynyň” baş direktorynyň orunbasary, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynanyşmak çäreleri boýunça maslahatyň baş sekretary çykyş etdiler. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew öz çykyşynda täze Ýüpek Ýolunyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň bu ugurdaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Ol Türkmenistanda awtomobil we demirýollarynyň gurulýandygy we döwrebaplaşdyrylýandygy, köpugurly ulag merkezine öwrülen Türkmenbaşy halkara deňiz porty, “Balkan” gämirgurluşyk zawodynda täze ýük gämileriniň we paromlaryň gurluşygyna girişilendigini, munuň bolsa Hazar deňzi boýunça haryt dolanyşygyny we ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ep-esli işjeňleşdirjekdigini gürrüň berdi.
Mundan başga-da, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde täze halkara howa menziliniň gurluşygy dowam edýär. Bu desga Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerindäki halkara howa menzillerinden başga, ýurdumyzdaky 5-nji halkara howa menzili bolar.
Howa menzilleriniň sanynyň artmagy bilen uçuş ugurlarynyň hem gerimi barha giňeýär. Hoşimine, Hanoýa, Seula we Milana ýük gatnawlary ýola goýuldy. Mundan başga-da içerki gatnawlary, şeýle hem Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlary bilen howa gatnawlaryny giňeltmek meýilleşdirilýär.
Ýewraziýa ösüş bankynyň hasabatyna görä Merkezi Aziýada awtomobil ýollaryň uzynlygy soňky 20 ýylda 24, 5 müň kilometr artdy. Iň ýokary ösüş Türkmenistanda we Özbegistanda boldy. Bu ýurtlarda giň gerimli ýol gurluşyklary ýaýbaňlandyryldy. Ýewraziýa ösüş bankynyň hasabatyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň görkezijileriniň 2000-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende Türkmenistan awtomobil ýollarynyň ösüş depgini boýunça birinji orny eýeleýär.
Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýoluň uzynlygy 254 kilometr bolan Aşgabat-Tejen bölegi geçen ýyl ulanylmaga berildi. Gurulmagy meýilleşdirilýän Garabogaz aýlagynyň üstünden köpri bilen Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedine çenli ýokary tizlikli awtomobil ýoly “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň Gündogar awtomobil ýoly ugrunyň düzümine girer.
Gazagystan-Türkmenistan–Eýran demir ýoly bu geçelgä, şeýle hem beýleki sebit we halkara ulag geçelgelerine birikmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu demir ýolunyň tutuş ugry boýunça ýük ugradyjylar üçin ýeke-täk bitewi baha ulgamy üpjün edildi. Hytaýyň Dalýan şäherindäki Jingan stansiýasyndan 50 sany 40 futluk konteýnerli otly bilen awtomobil şaýlarynyň Gazagystanyň, Altynköl we Bolaşak serhet geçelgeleriniň we soňra eýran-türkmen serhedindäki Inçeburun stansiýasynyň üsti bilen soňky nokada-Eýranyň Jolfa s tansiýasyna çenli ýükleriň deňiz ýoly bilen getirilenden iki esse tiz getirilmegi bu demir ýolunyň netijeliliginiň aýdyň mysaly boldy.
Bu diňe bir ugurdaky mysallaryň biridir. Ýurdumyzda multimodal logistikasynyň birikmek bilen ençeme ulag ugurlary ösdürilýär, eltip bermek möhletini azaltmak bilen, konteýnerli ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça uly maksatlar öňde goýulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewraziýa ulag geçelgelerine ýurdumyzyň ulag ulgamynyň goşulyşmagyna mümkinçilik berjek bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. “Täze Ýüpek ýoly” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk aýratyn geljegi uly ugur bolup durýar.
Döwletara derejesindäki hyzmatdaşlykdan başga-da, Türkmenistan beýleki ýurtlaryň ulag-logistika hususy kompaniýalary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýär. Gürrüň iri halkara ulag-logistika korporasiýalary, şeýle hem uly bolmadyk ýöriteleşdirilen firmalar barada barýar. Aşgabatda her ýyl geçirilýän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” atly forum hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança boldy.
Şeýle hem Astanadaky forumda Orta geçelgäni ösdürmek, howa ulagy bilen ýük we ýolagçy daşamalaryň, awtuolag hyzmatlarynyň täze mümkinçilikleri, demirýol ulgamynda we deňiz ýollarynda söwda akymlaryny guramakda öňdebaryjy logistika çözgütler, şeýle hem ulag pudagynyň ylmy we işgärler bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.