Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda öz ornuny pugtalandyrýar
Türkmenistan ulag-logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň hem gatnaşýan CASCA + multimodal ulag ugrunyň ösdürilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Gazagystanyň paýtagty Astanada 4-nji oktýabrda geçirilen “New Silk Way” VI halkara ulag-logistika işewürlik forumynda hem bu barada aýdyldy.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropanyň arasynda ulag gatnawynyň üpjün edilmegi bu ugryň esasy maksatlarynyň biridir. Işe girizilen gününden bäri bu ugur boýunça 30 müňe golaý 20 futluk konteýnerli ýük daşaldy. Bu taslamada Türkmenistana aýratyn orun degişlidir. Şol döwürde amala aşyrylan ýük daşamalarda Türkmenistanyň paýy import ugurda 9 müň konteýner, eksport ugurda 12 müň konteýner we üstaşyr ýük daşamalarda 9 müň konteýnere deň boldy.
Bu ugruň operatorlarynyň maksady – eltip bermegiň möhletini gysgaltmagyň hasabyna konteýnerli ýük daşamalaryň möçberini ýylda 30 müň konteýnere ýetirmek diýip Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew forumdaky çykyşynda belledi.
Bu ugurda iň gowy netije 2021-nji ýylyň maý aýynda gazanyldy – Türkiýäniň Izmir şäherinden Gyrgyzystanyň Oş şäherine konteýnerler 18 günde ýetirildi. Häzirki wagtda operatorlar Hytaýyň Kaşgar şäherinden Stambula çenli ýükleri 18 günde eltip bermegi maksat edinýärler.
CASCA + Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet demirýollarynyň bilelikdäki başlangyjydyr. Häzirki wagtda bu ugur üç sebiti – Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan we Gruziýa), şeýle hem Anadolyny (Türkiýe) gurşap alýar.
CASCA Central Asia, South Caucasus and Anatolia bu sebitleriň iňlisçe adynyň gysgaldylan görnüşidir. “+” belgisi bu ugur boýunça ýük daşamalara gyzyklanma bildirýän täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýarlygy aňladýar.