Aşgabatda gümrük mehanizmlerini kämilleşdirmäge bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi
Aşgabatda 3-5-nji oktýabrda gümrük mehanizmlerini döwrebaplaşdyrmak we eksport amallaryny kämilleşdirmek boýunça 3 günlik okuw maslahaty geçirildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Merkezi bankyň we täjirçilik banklarynyň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem beýleki gyzyklanma bildiren düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda bilermenler ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň öz gümrük mehanizmlerini halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrendiler. Şeýle hem eksport amallaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk mehanizmlerini kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň, port jemgyýetçiliginiň ulgamyny ösdürmegiň meselelerini hem-de Bütindünýä söwda guramasynyň bahalar babatdaky syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata ýygnanan hünärmenler halkara söwdasynda netijeli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň möhümdigini nygtadylar we erkin ykdysady hem-de erkin söwda zolaklarynda gümrük gözegçiligi babatda öz pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle hem maslahatda eksport resminamalary, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we “Bir penjire” çäreleri bilen baglanşykly meselelere garaldy.
ÝHHG sebit we halkara ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda söwda işine goldaw bermek, ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, goşmaça bahaly harytlaryň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleýin diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysadyýetleri gurmak arkaly ösdürmek boýunça tagallalara uly ähmiýet berýär diýip maslahata gatnaşyjylar bilen duşuşykda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor aýtdy.
Soňky birnäçe ýylda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Türkmenistanyň hökümeti bilen ykdysady özara baglanşygy üpjün etmek, söwda goldaw bermek, gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we eksport mehanizmlerini kämilleşdirmek ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýändigini bellemek gerek.