Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Türkmenistana geler

Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Kim Ýen Te Merkezi Aziýa boýunça saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelmegi maksat edinýär. Bu barada sekretariaty Parižde ýerleşen guramanyň baştutany sişenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen duşuşygynyň barşynda aýtdy.

Şeýle hem Kim Ýen Te Türkmenistany HUF-niň agzasy bolmaga çagyrdy hem-de ulag ulgamynda, sebit we yklym derejesinde ulag geçelegelerini döretmek barada başlangyçlary öňe sürmekde hem-de olary ösdürmekde ýurduň halkara derejesinde eýeleýän ornunyň güýçlenýändigini nygtady.

HUF Türkmenistanyň şeýle işjeň ýörelgesini goldaýar we mübärekleýär diýip, baş sekretar aýtdy hem-de Forumyň agzalarynyň, aýratyn-da, Aziýa sebitinde çäkleriniň giňelmeginiň onuň wezipesiniň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.

Ilçi iki hepdeden gowrak ozal Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynda HUF-niň baş sekretarynyň orunbasarynyň gatnaşyp çykyş edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistan HUF bilen has ýakyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge taýýardyr we açykdyr diýip, diplomat aýtdy.

Глава Международного транспортного форума пригласил Туркменистан вступить в МТФ

Maksat Çaryýew Kim Ýen Teni Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky iri düzümleýin taslamalary, ýurdumyzyň öňe sürýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda ulag ministrleriniň maslahatynda beýan eden täze başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

HUF-niň baş sekretary ulag ulgamynda Türkmenistanyň halkara işjeňligine ýokary baha berdi hem-de bu ulgamyň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny her ýyl GFR-niň Leýpsig şäherinde geçirilýän HUF-e agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň sammitine hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle sammitiň ýakyn wagtdakysy 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriler.

* * *

Halkara ulag forumy 64 ýurduň gatnaşmagyndaky hökümetara guramadyr. HUF ulaglaryň ähli görnüşlerini öz içine alýan ýeke-täk ählumymy edara bolup durýar. Gurama ulaglar arkaly daşamak baradaky meseleler hem-de ulaglaryň dürli görnüşleriniň arasyndaky aragatnaşyklar bilen meşgullanýar.

HUF Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna (YHÖG) dolandyryş taýdan birleşendir, ýöne, şunda syýasy taýdan garaşsyzdyr. Sammitleriň çäklerinde her ýyl Leýpsige hökümet we syýasy guramalaryň, täjirçilik we senagat kärhanalarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we raýat jemgyýetçiliginiň esasy wekilleri ýygnanýarlar.