Russiýada deňiz ýük daşamalaryny tizleşdirmek üçin platforma döredildi
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde (SPbSU) garamagyndaky NTI Kompetensiýa merkeziniň alymlary «МАС-Внештранс» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen deňiz ýük daşamalaryny çaltlaşdyrmak üçin platforma döretdiler.
Şeýlelik bilen, deňiz eksporty boýunça täze elektron resminama dolandyryş programmasy ýük resminamalaryna gol çekmegiň wagtyny birnäçe günden iki sagada çenli azaltmak üçin döredildi. Şeýle hem, ol eksport gatnaşyjylaryna harytlaryň geçirilişini yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Resminamalaryň gizlinligini saklamak üçin hünärmenler blockchain-tehnologiýasyny ulandylar. Kodlar biri-biri bilen baglanyşykly maglumatlar bilen bloklar zynjyryndan ybarat merkezleşdirilmedik toruň döredilmegini öz içine alýar. Bu, öz gezeginde, maglumatlary döretmäge ýa-da üýtgetmäge mümkinçilik bermeýär we maglumatlary gaýtadan işlemek prosesiniň bitewiligini we howpsuzlygyny üpjün edýär.
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň paýlanan hasaba alyş tehnologiýalary merkeziniň direktory Dmitriý Şişmakowyň pikiriçe, olaryň esasy wezipesi maglumatlary ýaraşdyrmak, resminamalaryň elektron görnüşini bermek, zerur alyjylara maglumat ibermek awtomatlaşdyrmakdy we elektron gol işini sanlaşdyrmakdy.
Ýük maglumatlary eksport prosesiniň aýdyňlygyny üpjün edýän geçirişiň her tapgyrynda hasaba alynýar we ulgama girizilýär.