Türkmenistan Owganystandan uly mukdarda polat armatur satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistan 2025-nji ýylda Owganystandan 150 müň tonna armatur satyn almak barada ylalaşdy. Bu barada «TOLOnews» Owganystanyň Senagat we söwda ministrligine salgylanyp habar berdi.

Ministrligiň metbugat sekretary Owganystanyň polat armaturyň önümçiliginde öz-özüni üpjün etmäge ukyplydygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylda Pakistana 60 müň tonna armatur eksport edilipdir.

Owganystan demir magdanynyň uly gorlaryna eýe ýurtlaryň biridir. Ýurtda 42 sany polat önümçiligi bilen meşgullanýan kärhana bar.