Türkmenistanyň we Russiýanyň wise-premýerleri Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara türkmen-rus hökümetara komissiýasynyň ýolbaşçylary – Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýa Federasiýasynyň hökümet ýolbaşçysynyň orunbasary Alekseý Owerçuk gepleşikleri geçirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýeti, energetikany, transporty we medeniýeti öz içine alýan dürli pudaklar boýunça özara pikir alyşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Alekseý Owerçuk bilen duşuşygynda Russiýa Federasiýasy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine oňyn baha bermegi bellenip geçildi.