Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,

 

Türkmenistanyň Prezidenti

 

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

 

Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Size, Siziň ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň halkyna berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy hökmünde Siziň Alyhezretiňiziň parasatly baştutanlygynda guramanyň maksatlaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär we onuň işine saldamly goşant goşýar. Pursatdan peýdalanyp, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň özara bähbitleriň hatyrasyna Türkmenistan bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýaryn.

 

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

 

Hisseýn Brahim TAHA,

 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.