Pekinde “Bir guşak - bir ýol” forumy geçiriler

“Bir guşak - bir ýol” halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy 17-18-nji oktýabr aralygynda Pekinde geçiriler. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunin habar berdi.

Forumyň esasy temasy - “Bir guşak - bir ýoluň” ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy. Açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin gatnaşar. Ol forumda çykyş eder hem-de foruma gatnaşyjylar üçin garşy alyş banketini we ikitaraplaýyn çäreleri geçirer.

“Bir guşak - bir ýol” - Hytaýyň Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän häzirki we täze söwda we ulag geçelgelerini döretmek boýunça halkara başlangyjydygyny bellemelidiris.